Sepleriň elýeterliligi

Owgan türkmenleriniň gür ýaşaýan ýerinde partlama boldy


Şu gün Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy ýol gyrasynda goýlan minanyň partlamagy netijesinde bu ýurduň Jöwüzjan welaýatynyň Miňejik etrabynyň polisiýa edarasynyň başlygynyň we ýene-de bäş sany polisiýa işgäriniň ölendigini habar berdi.

Wakada Miňejik etrabynyň prokurory we ýene-de iki adam ýaralanypdyr.

Bu wakanyň türkmenleriň gür ýaşaýan ýeri bolan Akja etrabynyň golaýynda ýüz berendigi habar berildi. Wakada ölen we ýaralanan adamlaryň hemmesi etniki türkmenler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu partlamada ölen Miňejik etrabynyň polisiýa edarasynyň başlygynyň adynyň Haknazardygyny, ýaralanan prokuroryň adynyň bolsa Agageldidigini aýtdy. Ýöne olaryň familiýasyny anyklaşdyrmak häzirlikçe başartmady.
XS
SM
MD
LG