Sepleriň elýeterliligi

Rus mafiýasynyň başlygy diýilýän adam rus mafiýasy «zerur toslama» diýýär


Tohtahunow Birleşen Ştatlaryň kezzaplykda, ýarag hem neşe gaçakçylygynda aýyplamalary esasynda Interpol tarapyndan gözlenýän adam.

Tohtahunow Birleşen Ştatlaryň kezzaplykda, ýarag hem neşe gaçakçylygynda aýyplamalary esasynda Interpol tarapyndan gözlenýän adam.

«Taýwançik» ady bilen tanalýan Alymjan Tohtahunow rus guramaçylykly jenaýatynyň iň bir kuwwatly şahslarynyň biri diýip bilinýär, emma ol bu tassyklamany erjellik bilen ret edýär.

Tohtahunow Birleşen Ştatlaryň kezzaplykda, ýarag hem neşe gaçakçylygynda aýyplamalary esasynda Interpol tarapyndan gözlenýän adam. Şeýle-de ol 2002-nji ýylda Solt Leýk şäherinde geçen Gyş olimpiadasynda buzda figuralaýyn taýmak ýaryşyna düzediş girizmek synanyşygynda aýyplandy.

Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy golaýda Moskwadaky býurosynda Tohtahunow bilen öz durmuşy we daşyndaky gep-gürrüňler barada söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: Siz öz biznes işleriňize nädip başladyňyz?

Alymjan Tohtahunow: 1989-njy ýyldan ozal men professional kartbazdym. Ýöne soň meniň ýoldaşlarym ýurdy terk edip, dargap gitdiler. Ýadyňyzda bolsa, kooperatiwler zamany diýen bir döwür gelipdi. Biz biznes etmäni başarmaýardyk, sebäbi sowet kanunlary astynda ösüpdik. Ol wagt biznes eden adam spekulýant hasaplanýardy. Onsoň biz kartbaz halymyza olary ýigrenerdik, satlyk adamlar hasaplardyk.

Biz karty özli-özümiz bolup, öz aramyzda oýnardyk. Biz hiç kimi aldamazdyk. Elbetde, pul üçin oýnardyk. Biziň meslekdeşlerimiziň arasynda käbir baý adamlar, haýsydyr bir seh işgärleri, biraz gurply kişiler, ammar işledýän gök täjirleri hem bardy. Biz olary utardyk we hemişe şol pullary öz aramyzda aýlardyk.

Eger adam bir zat satsa, biziň şol wagtky pikirimize görä, ol spekulýant, ýagny alyp-satýan, satlyk adam bolýardy. Sen düşündiňmi? Sowet döwründe biz sowet mentaliteti bilen ýaşaýardyk, biz sowet terbiýesiniň miwesidik. Orsýetde, belki-de siz okansyňyz, men bu barada «Meniň ýüpek ýolum» atly terjimehal kitabymda ýazypdym, şol ýerde men özümiň käbir düzgün bozmalarym barada hem ýazdym. O düzgün bozmalar jenaýat bolup bir jenaýat hem däldi. Men hiç bir zat ogurlamadym, hiç kimi öldürmedim. Emma olar düzgüni bozmady, ýagny pasport düzgünini bozmak, mugthorluk, ýagny birleriniň üsti bilen güzeran görmek ýaly zatlardy. Bular indi şu günki kanundan ýok edilen jenaýat maddalary, düşündiňmi? Mugthorluk diýmek nämäni aňladýardy? Görnüşine görä, mende döredijilik kalby bardy, men gidip bilmedim... olar meni kerpiç zawodyna işe iberdiler. Men kerpiç çekmegi başaramok, men çagalykda futbolçy bolupdym. Men beýle adam däldim, düşündiňmi?


Azatlyk Radiosy: Mugthorluk, başga birleriniň hasabyna ýaşamak, bu Iosif Brodskiniň hem günäli tapylan maddasy bolupdy.

Alymjan Tohtahunow: Elbetde, ol ýerde Brodskiý hem bolupdy. Brodskiniň ykbaly meniňkä biraz çalymdaşdy. Olam ýurdy terk etdi. Ýöne ol Nobel baýragyny aldy, men bolsam mafiýaçy adyny aldym. Meniň pikirimçe, 1980-nji ýyldamy, 1993 ýa 1994-nji ýylda bu ýerde, aýdaly, barha örňeýän bikanunçylyk başlananda, bu şeýle bir döwür bolupdy, hiç bir zat işlemeýärdi. Men 1993-nji ýylda Moskwa geldim we Twer bulwarynda köçede durup kömelek satýan, konserwa satýan, örülen jorap satýan adamlary görüp, bu kinolardaky ýaly rewolýusiýa-beýleki bolmasyn diýip, pikir etdim.

Biziň uruş döwründe görenlerimiz ýaly bir zatlary ýadyňa sal. Men muňa hopukdym. Bu, görnüşinden, käbir kanunlaryň, biriniň ýa beýlekisiniň asla işlemeýän wagty bolupdy. Men, belki-de, ol ýerde häkimiýet ýokdy diýerdim. Şol döwürde bu bolýan zatlary görmejek bolup, köp adam gitdi. Elbetde, puly barlar gitdiler. Sen düşünýäňmi? Onsoň, şondan soň kanun goraýjy guramalar öz ýanlaryndan, şol möhüm adamlaryň ýurtdan gitmeginiň öňüni almak üçin bolsa gerek, rus mafiýasy hakynda toslamalary döretdiler.


Azatlyk Radiosy: Siziňçe, rus mafiýasy diýilýän bir owadan toslama-da onda, siz şeýle diýjek bolýarsyňyzmy?

Alymjan Tohtahunow: Hawa, ol gerek bolan toslamady. Men gaýtalap aýdýaryn, şol rus mafiýasy toslamasynyň arkasyndan rus mafiýasyna garşy göreşýän bölümler döredildi. Biziň pensiýa ýaşyndaky kanun goraýjy ofiserlerimiz özlerine bir eklenç çeşmesini edinmek üçin şol bölümlerde orun aldylar. Onsoň olar biziň ony derňemegimiz gerek, muny derňemegimiz gerek diýdiler. Olar derňediler, ýöne pul sowurmakdan başga netije bolmady. Hawa, bu mafiýa meňzeşdi. Şeýdip biz daşary ýurtdaky adamalara mafiýa meňzeş bolup göründik.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG