Sepleriň elýeterliligi

Galla baýramyna borçnamasyz


Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 500 müň tonna gallanyň ýygnalandygy barada habar berildi.

Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 500 müň tonna gallanyň ýygnalandygy barada habar berildi.

Her ýylyň iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde Türkmenistanda galla baýramy bellenilýär. Emma galla meýdanlaryndan ýygnalýan bu ýylky hasyldan çen tutsaň, onda türkmenistanlylar hasyl toýuna borçnamany amal etmän barjaga meňzeýär.

Ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň hünärmenleriniň mälim etmegine görä, bu ýylky galla hasyly bitginsiz gelipdir. Ýurt boýunça şu ýylky ýygnaljak gallanyň bir million tonna ýetjekdigi hem gümana. Galla hasylynyň agramly bölegini berýän Lebap, Ahal, Mary welaýatlary planlaryny dolmakdan juda ejiz gelýärler.

Ýylyň gurak gelmegi, şeýle hem ýaz paslynyň aňzakly bolmagy gallanyň çykymyna zelel ýetirendigini oba hojalykçy hünärmenler mälim edýärler. Käbir ekin meýdanlarynda gallanyň boýy 30 santimetrdenem pes gelýär. Bir gektardan alynýan hasyl bolsa ortaça 12 sentnerden geçmeýär.

Türkmenistanda galladan bol hasyl kyn alynýar. Suw ýetmezçiligi, gurak howa galla üçin edilen çykdajyny ödemeýär. Emma muňa garamazdan, galla ýurduň ykdysadyýetinde strategiki rol oýnaýar. 1996-njy ýylda Türkmenistanda ýüz beren çörek ýetmezçiligi ýurtda galla garaşsyzlygynyň gerekdigini görkezipdi.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe galla hasylynyň ýygnalyşy barada çişirilen hasabatlar ýaýradylardy. 2006-njy ýylda Türkmenistanda ýygnalan gallanyň mukdarynyň 3 million 500 müň tonna bolandygy barada resmi maglumat ýaýradylypdy. Emma muňa garamazdan, şol ýyl üç ýarym million bugdaý ýygnaldy diýlip resmi maglumatlar ýaýradylan-da bolsa, eýýäm 2006-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistanda un ýetmezçiligi mese-mälim bildiripdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň prezidentligine saýlanandan soň, galla barada ýalan hasabaty bermegiň nädogrudygyny aýtdy we köpçülige hakyky maglumatyň berilmegini talap etdi. Netijede 2007-nji ýylda Türkmenistanda bir million tonnadan gowrak gallanyň ýygnalandygy barada resmi maglumat berildi.

Geçen ýyl Türkmenistanda 1 million 500 müň tonna gallanyň ýygnalandygy barada habar berildi. Şu mynasybetli, 25-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt üçin gerek bolan möçberden artyk galýan 200 müň tonnadan gowrak dänäniň biržanyň üsti bilen satylmagyny guramagy degişli ýolbaşçylara tabşyrypdy.

ABŞ-nyň Oba hojalyk ministrliginiň garaşsyz ekspertleriniň 2005-nji ýylda beren bahasyna görä, Türkmenistanyň galla bolan ýyllyk zerurlygy 2 million 500 müň tonnadyr. Emma Türkmenistanyň resmileri ýurt üçin 1 million 500 müň tonna gallanyň ýeterlikdigini aýdýarlar.

Türkmenistan özünden önýän galladan daşary her ýylda Gazagystandan hem-de Orsýetden azyklyk gallany import edýär diýlip, garaşsyz maglumatlarda aýdylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG