Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda “Adam hukuklary bilen bagly hereketleriň milli plany işlenip düzülende, göz öňünde tutulýan öňdebaryjy tejribeler we planlaşdyryş usullary” boýunça seminar çarşenbe güni öz işini tamamlady.

Iki günläp dowam eden bu seminar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň we Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda adam hukuklarynyň goralmagyna hemaýat bermek boýunça milli potesnialyny berkitmek” baradaky bilelikdäki proýektiniň çäginde geçirilip, ýurduň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli instituty tarapyndan gurnaldy.

Seminara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, jemgyýetçilik hem halkara guramalaryň agzalary, şeýle-de halkara ekspertler gatnaşdylar.

“Türkmenistanyň adam hukuklaryny goramagyna hemaýat bermek boýunça Türkmenistanyň milli potensialyny berkitmek” baradaky bilelikdäki proýektiň üstünde işleýän toparyň ýolbaşçysy Koen Markuering bu seminar barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Seminaryň dowamynda adam hukuklary bilen bagly hereketleriň milli plany barada gepleşikler geçirildi. Biz bu seminaryň dowamynda bu plany amala aşyrmak boýunça maglumatlary hödürledik. Şeýle-de biz bu ugurda belli bir üstünlikleri gazanan döwletleriň mysalyny görkezmäge synanyşdyk”.

Türkmenistanly publisist-ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle seminarlaryň geçirilmeginiň gutlanmaly ýagdaýdygyny belläp, emma bularyň syýasy durmuşda we jemgyýetiň aňynyň kämilleşmeginde onçakly bir uly roly oýnamaýandygyny sözüne goşdy.

Türkmenistanyň berýän resmi maglumatyna görä, seminaryň dowamynda, Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasy bolmak bilen, jemgyýeti mundan beýlägem demokratiýalaşdyrmak we adam hukuklary babatda maksada laýyk işleri durmuşa geçirýändigi, adam hukuklary boýunça boýun alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýändigi bellenipdir.

Türkmen resmileri hem jemgyýetde demokratiýany ornaşdyrmagyň we raýatlaryň hukuklaryny goramagyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny öwrän-öwrän gaýtalap gelýärler. Emma adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara “Human Rights Watch”, “Amnesty International” ýaly halkara guramalaryň hasabatlarynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň gödek bozulýandygy aýdylýar.

“Freedom House”, ýagny “Azatlyk Öýi” guramasynyň 2011-nji ýyl boýunça dünýäniň iň repressiw ýurtlaryny öz içine alýan ýyllyk hasabatynda Türkmenistan erbet görkezijili ýurtlaryň sanawynda goýlupdy.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew geçirilýän seminarlaryň täsirli bolmagy üçin ýurduň welaýatlarynda, etraplarynda hut şu ugur boýunça iş alyp barýan adamlar bilen işleşmegiň gerekdigini nygtady.

“Türkmenistanda adam hukuklarynyň goralmagyna hemaýat bermek boýunça milli potensialy berkitmek” baradaky bilelikdäki proýekt 2009-njy ýylyň sentýabrynda başlanypdy. Proýektiň esasy maksady Türkmenistanda adam hukuklary boýunça halkara standartlar we mehanizmler baradaky bilimi ösdürmek, şeýle-de şol standartlara laýyklykda adam hukuklaryny goramakda we olary berjaý etmekde milli potensialy herekete getirmekdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG