Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gowy sýužet üçin zerur üç zat


Gulgeldiýew: "Eserleriň temalary çäklendirildi".
Gulgeldiýew: "Eserleriň temalary çäklendirildi".
Gowy kino düşürmek üçin, gowy sahna eserini döretmek üçin sungaty öwrenijiler üç zadyň gerekdigini nygtaýarlar. Şol üç zat hem: «Dramaturg, dramaturg we ýene-de bir sapar dramaturg gerek» diýýärler.

Şeýle diýilmezçe-de däl. Zehinli dramaturgyň elinden çykan eser bolmasa, artistler özlerine berkidilen rollary hernäçe gowy oýnasalar-da, režissýor hernäçe yhlas etse-de, gowy kino, sahna eseri çykmaýar. Muňa mysaly uzakdan gözlemeli däl. Türkmenistanda düşürilýän kinolar, sahnalaşdyrylýan pýesalar, telewizion oýunlar ýurtda dramanyň ýagdaýynyň ýabygorludygyny, hatda dramanyň ýagdaýynyň gülkünç hala düşendigini subut edýär.

Birinjiden, her bir teleoýunda, kinosýužetde, sahna eserinde şol bir gudaçylyk gürrüňleri, gelin edinmek, gyz çykarmak, kürteli gelni ondan-oňa aýlamak, umuman, daýza-daýza oýnamak esasy tema bolup durýar. Durmuşdaky müňlerçe problemalar, üstünlikler we şowsuzlyklar, durmuş wakalary çetde galýar.

«Ýaşlyk» telekanaly boýunça görkezilen bir oýun türkmen dramaturgiýasynyň ykbalynyň doly küle çekendigine düşünmäge ýagdaý döredýär. Bu teleoýunda ilki gudaçylyk gürrüňleri, daýza-daýza oýunlary, iň soňunda bolsa sowet döwründe düşürilen «Ýuwaş gelin» atly çeper filmiň sýužeti oýnalýar. Gaýynata kündükden elini ýuwup otyrka ilki sag tarapyndan aýaly geçip, onuň kündügini ýykyp gidýär, soňra çep tarapyndan gelni geçip, kündügini ýykyp gidýär. Gaýyn-gelin ýüpek gurçuga ýaprak ýygýarlar we gelniň getirýän ýapragyny eşek iýýär. Gelin gaýynenesiniň ýanyna baryp, elleriniň hereketi bilen «Ýapragy eşek iýdi» diýip, hut «Ýuwaş gelin» filminde görkezilýän hereketler bilen görkezýär. Soňra gelin ýapragy eşegiň iýenini ýere hat ýazyp görkezýär.

Bu zatlary görüp, «Ýuwaş gelin» filminden bölek görkezýändir öýtseň, artistler ýaş hem täze artistler.

Häzirki döwürde türkmenlerde bu sýužetdäki ýaly börük geýip, gaýynenesine aýtjak gepini ýere ýazyp düşündirip ýören gelin kän ýok. Zerurlyk ýüze çykanda ýaşmakly gelinleriň islendigi hem gerekli adamlar bilen gepleşýärler.

Şu ýagdaý häzirki döwürde drama eserleriniň asla ýokdugyny görkezýär.

Ýaş režissýorlar ýazylýan zady-da hakyky bolşy ýaly alyp bilmeýärler. Telewideniýäniň bäşinji kanaly bolan «Türkmen owazy» kanalyndaky sýužetleriň örän köpüsi aýdymda berilýän sözlere laýyk gelenok. Mysal üçin sowet döwründe düşürilen «Aşyr aganyň mekirligi» atly filmde baş gahryman «Söýgülimiň gözleri» diýen aýdymy ýerine ýetirýär. Şol aýdymy telewideniýäniň bäşinji kanaly şekilli aýdyma öwrüpdir. Aýdymyň sazy-da gowy, bagşy-da ony gowy ýerine ýetirýär. Ýöne bu aýdym çeper filmde bolup geçýän wakalara laýyk düzülen.

«Aşyr aganyň mekirligi» atly filmde biri-birini sulhy alan iki sany ýaş juwan öýkeleşýär. Şonda oglan ýabyň boýunda oturyp, «Haçan meniň ýarym maňa dolanar» diýip, «Söýgülimiň gözleri» diýen aýdymy ýerine ýetirýär. Bu sýužet telewideniýäniň bäşinji kanalynda surata düşürilende «Haçan meniň ýarym maňa dolanar» diýip aýdym aýdýan bagşynyň ýanyndan başy kürteli gelin geçip gidýär.

Türkmenler täze gelne kürtäni kyrk gün atýarlar. Başga birine durmuşa çykyp, heniz başy kürteli oturan ýaş gelin, durmuşa çykan öýüni taşlap, öňki söýşen ýigidiniň ýanyna gaýdyp gelmez. Bu sýužet örän ters many berýär. «Haçan meniň ýarym maňa dolanar» diýip, öýlenmedik ýigit heniz durmuşa çykmadyk söýgülisine garaşýar. Ine, şeýle manylary çykarmaga režissýorlaryň köpüsi düşünmeýär.

Ýa-da bir bagşy Mollanepesiň sözlerine aýdym aýdýar. Bu aýdym boýunça düşürilen sýužetde başy börükli ýaş gelniň bir özi tokaýlykda gezip ýör. Türkmenler ýaş hem täze gelni diňe bir tokaýlyk ýaly ýerlere aýlananda däl, eýsem, öz atasy öýüne-de ýany ýoldaşly goýberýärler. Aýratyn-da Mollanepesiň ýaşan döwri hakda pikir öwreliň.

Türkmen telewideniýesiniň, kinosynyň düşürýän sýužetlerinden şeýle ýalňyşlyklaryň, gülkünç hem nalajedeýin wakalaryň her gün ýüzlerçesini tapyp bolýar. Ony telewideniýäniň, kinonyň ýolbaşçylary duýup bilenoklarmy ýa-da duýmajak bolýarlarmy? Olaryň duýup bilmeýänlerem bar. Ýöne, esasan, duýmajak bolýarlar. Sebäbi eserleriň temalary çäklendirildi. Drama düşünmeýänlerden bolsa şu agzap geçen zatlarym ýaly zatlardan başga zat çykmaýar.

Umuman alanyňda halka lezzet alyp görer ýaly oýunlary hödürläp bilenoklar. Sungat syýasylaşdyrylanda şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykjagy köre hasa.

Serdar Gulgeldiýew Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG