Sepleriň elýeterliligi

Klinton siriýa-türk serhetindäki ýagdaýyň dartgynlaşmak ähtimallygyny duýdurýar


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton krizisiň çuňlaşmak ähtimallygynyň bardygyny aýdyp, Siriýany Türkiýe bilen serhetiň golaýyndaky goşunlaryny yzyna çekmäge çagyrdy.

Klinton Waşingtonda žurnalistlere Birleşen Ştatlaryň bu ýagdaý barada NATO ýarany bolan Türkiýäniň resmileri bilen maslahat edýändigini aýtdy.

Klinton bu ýagdaýy «çalt özgerýän» we «ynjalyksyz» diýip suratlandyrdy hem siriýa harbylaryny bu sebitdäki hüjümlerini we prowakasiýalaryny derhal bes etmäge çagyrdy.

Ol siriýa goşunlarynyň türk serhetine toplanmagy serhetde çaknyşygyň bolmak ähtimallygyny ýokarlandyrýar diýdi.

Türkiýe türk hem siriýa daşary işler ministrleriniň bu ýagdaý barada telefon maslahatyny edendigini aýtdy.

Müňlerçe siriýaly üç aý bäri Başar al-Assadyň režimine garşy protest bildirýän oppozisiýany basyp ýatyrýan harbylardan gaçyp, Türkiýä geçdi.
XS
SM
MD
LG