Sepleriň elýeterliligi

Obama sammitden öň ermeni hem azeri liderleri bilen gürleşýär


Ak Tam Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Daglyk-Garabag konfliktini soňlamak baradaky gepleşiklerde progres gazanmaga çagyryp, ermeni hem azeri prezidentlerine telefon edendigini aýdýar.

Bu telefon söhbeti ermeni we azeri prezidentleriniň şu gün Kazanda, rus prezidenti Dmitriý Medwedewiň beýemçiliginde boljak sammitleriniň öňüsyrasyna gabat geldi.

Ak Tam Obamanyň ermeni hem azeri liderlerini Garabag konfliktiniň çözgüdine tarap süýşmek baradaky şertnamanyň esasy ýörelgelerine gol çekmäge çagyrandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG