Sepleriň elýeterliligi

Fransiýa Amerikanyň Owganystandan esger çykarmasyna eýerýär


Fransiýa prezident Barak Obamanyň Owganystandan planlaşdyrylan goşun çykarmasynyň yzyna eýerip, öz goşun çykarmasyny yglan edýär.

Obama üçünji gün özüniň 2012-nji ýylyň sentýabryna çenli 33 müň çemesi esgeri Owganystandan yzyna getirjegini aýtdy.

Prezident Nikolýa Sarkozi Obamanyň çykyşynyň yzysüre ýaýradan beýanatynda Fransiýanyň Owganystana iberen esgerlerini yzyna proprorsional esasda we amerikan goşun çykarmasynyň bellenen wagtyna golaý şekilde çykaryp başlajagyny aýdýar.

Owgan prezidenti Hamid Karzaý Obamanyň sözlän sözüni gutlap çykyş etdi, emma “Talyban” bu goşun çykarmany “simwoliki” atlandyrdy we daşary ýurt esgerleriniň ählisi gidýänçä söweşini dowam etjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG