Sepleriň elýeterliligi

Bagdat bazarynda bolan partlamalar azyndan 21 adamy öldürdi


Yragyň howpsuzlyk resmileri günorta Bagdatdaky bazarda bolan üç partlama netijesinde azyndan 21 adamyň ölüp, 40 gowrak adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Resmiler ol partlamalaryň dördünji gün Şart al-Raba bazarynda bir-birine gaty ýygjam aralykda, alyjylaryň üýşen wagty bolandygyny aýtdylar.

Şularalykda amerikan ilçihanasy bagdatda bolan bir hüjümde şertnama esasynda işleýän amerikan graždanynyň öldürilendigini habar berdi.

Yrakdaky zorlukgyň derejesi 2006, 2007-nji ýyllardaky derejesinde mazaly aşak gaçdy, ýöne soňky aýlarda hüjümler gürelýär.
XS
SM
MD
LG