Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus uçar heläkçiliginde Buşehr ekspertleriniň bäşisi öldi


Orsýetiň ýadro gullugy bolan “Rosatom” birinji gün Orsýetiň demirgazyk-gündogarynda bolan uçar heläkçiliginde Eýranyň Buşehr ýadro stansiýasy bilen ilteşikli bäş ekspertiň ölendigini aýdýar.

“Rosatom” ol 5 adamyň Petrazawodsk aeroportunyň golaýynda bolan hadysada ölen 44 ýolagçynyň arasynda bolandygyny aýtdy.

“Rosatom” ol bäş ekspertiň uzak wagt bäri Buşehr proýekti bilen ilteşikli bolan üç kärhanada işländiklerini aýtdy.

Birleşen Ştatlar we onuň käbir ýaranlary Buşehr ýadro stansiýasy ýadro ýaraglaryny öndürmek üçin gizlin synanyşyk bolmasyn diýýär, Eýran muny ret edýär.
XS
SM
MD
LG