Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton: “Talyban” bilen gepleşikler ýakymly däl, ýöne zerur


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Senat diňlenişiginde amerikan resmileri ahyrynda “Talyban” liderlerini gepleşik stoluna getirmegi nazarlap, Owganystanda syýasy çözgüt gözleýärler diýdi.

Ol zorluga daýanýan pitne topary bilen duşuşyk gurmak ýakymly bir zat däl, ýöne bu pitneçiligi togtatmak ugrundaky tagallalaryň zerur bölegi diýdi.

Şeýle-de Klinton Waşington Pakistana amerikanlara hüjüm edýän terrorçylara pena berilmegine çydamajagyny aýtdy diýdi.

Ýöne ol Birleşen Ştatlaryň, her näçe keçikdiriji we kyn bolsa-da, Pakistan bilen gatnaşyklaryny kesip bilmeýändigini sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG