Sepleriň elýeterliligi

Belarus öz gaz geçirijilerini Orsýete satýar


Belarus hökümeti özüniň tebigy gaz geçirijilerindäki ähli paýyny Orsýetiň “Gazpromuna” 2.5 milliard dollara satýandygyny aýdýar.

Hökümet premýer-ministriň birinji orunbasary Wladimir Semaşkonyň “Beltransgazyň” galan 50 prosentini satmak üçin Moskwa gidendigini aýtdy.

“Gazprom” öz Ýewropa eksport edýän gazynyň 20 prosent çemesini iberýän “Beltransgazyň” 50 prosentine bireýýämden bäri eýelik edýär.

Belarus häzir post-sowet döwründäki iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär.
XS
SM
MD
LG