Sepleriň elýeterliligi

Ýiten palestinalynyň aýaly ukrain prezidentini suda berýär


Ukrain otlusynda ýitirim bolup, soňra ysraýyl türmesinde peýda bolan palestinalynyň aýaly ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň garşysyna kanuny herekete başlady.

Weronika Abu Sisiniň aklawçysy Danilo Kordelçuk öz müşderisiniň Ýanukowiçi Ysraýylda terrorizmde aýyplanan adamsy Dirar Abu Sisiniň işi boýunça hereketsizlikde aýyplap, Kiýew suduna şikaýat arzasyny berendigini aýtdy.

Dirar Abu Sisiniň ýitirim bolmagy hem Ysraýyla äkidilmegi bilen bagly ne Ukranina, ne-de Ysraýyl düşündiriş berdi.
XS
SM
MD
LG