Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Orsýet bilen Ukraina ýadro basyşy synagyna goşulýar


Ýewropa Bileleşigi Orsýet bilen Ukrainanyň ýadro basyşyny synag etmek programmasyna goşulandygyny aýdýar.

Atom elektrik stansiýalarynyň tebigy hadysalara we betbagtçylyklara çydamlylygyny barlamagy niýet edinýän programma ozal Ýewpropa Bileleşigine girmeýän bäş döwlet goşulypdy.

ÝB döwletleri şeýle programma goşulmak barada geçen aý ylalaşyga geldiler we beýleki ýurtlary hem özlerine goşulmaga çagyrdylar.

ÝB bu synag programmasyna Ermenistan, Horwatiýa, Şweýsariýa, Türkiýe we Belarus ýaly ýurtlaryň hem goşulandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG