Sepleriň elýeterliligi

Owganystan barada Obama bilen söhbetdeşlik


Amerikan esgerleriniň üçden biriniň Owganystandan yzyna çekilmegi barada Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi geçiren "Voice Of America" telekanaly tarapyndan Andre De Nesnera.


VOA: Siz Owganystandaky amerikan esgerleriniň sanynyň azaldyljakdygyny bildirdiňiz. Owgan halky muňa nähili düşünmeli?

Barak Obama:
Bu biziň goşmaça esger ibermek, ýagny "Surge" bilen gazanan üstünligimizi we geçişe çynlakaý garaýanlygymyzy görkezýär. 2009-njy ýylda goşmaça 30 müň esger iberenimizde, belli maksatlarymyz bardy. Ol hem ilerläp gelýän "Talybanyň" öňüni almakdy. Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, öz ýurdunyň howpsuzlygyny özleri gorar ýaly Owganystanyň howpsuzlyk güýçlerini türgenleşdirmekdi.

Şu döwrüň içinde köp öňegidişlik gazandyk. Gandagar we Gilman ýaly ýerler "Talybanyň" elinden alyndy. Biziň häzir etjek bolýan zadymyz 10 müň esgeri şu ýyl, 23 müň esgeri hem geljek tomsuň aýagyna çenli Owganystandan çykarmak. Şeýdip, esgerleriň sany öňki derejesine getiriler. Geçiş 2014-nji ýylda tamamlanmaly. 2014-nji ýyldan soň hem owgan halky we owgan hökümeti bilen berk gatnaşyk saklarys.

VOA: Munuň NATO boýunça ýaranlarymyza nähili täsiri bolar? Olaryň bizden öň çykyp gaýtmazlygyny nähili kepillendirjek?

Barak Obama:
Biz bu karara gelmezden öň, NATO ýaranlarymyz bilen ýakyndan pikir alyşdyk. Soň hem NATO-nyň Baş sekretary we goşant goşýan esasy döwletler bilen gürleşdim. Olar bu işiň "Surge" üçin edilendigini, esgerleriň esasy sanynyň 68 müň bolup galjagyny bilýärler.

VOA: Siz owgan hökümetiniň we prezident Karzaýyň Birleşen Ştatlara hem NATO gaty tankydy garandygyny bellediňiz. Onuň ýaranlygy nähilidi?

Barak Obama:
Prezident Karzaýyň-da biziňki bilen deň strategik bähbitleri bar. Ol hem özbaşdak we howpsuz owgan hökümetiniň bolmagy. Onuň öz ykbalyny özüniň kesgitläp bilmegi. Halkara arkalaşygyna, aýratyn-da Birleşen Ştatlara Owganystanyň belent arzuwlaryny goldaýan güýçli ýaran diýip garamagy.

VOA: Çykylyp gaýdylsa, owgan halkynyň käbir bölegi muňa özleriniň taşlanyp gidilmegi diýip düşünmezmi?

Barak Obama:
Men beýle pikir edemok. Biz üstümizdäki ýýlyň aýagyna çenli 10 müň, geljek tomsuň aýagyna çenli hem goşmaça 23 müň esgeriň gürrüňini edýäris. Ýene 68 müň amerikan esgeri galýar. Onsoň beýleki ýaranlarymyzyň-da ýaragly güýçleri bar. Bütinleý çykylyp gaýdylanok. Ýöne bu owganlaryň özleriniň köpräk jogapkärçiligi kem-kemden öz üstlerine alýandygyny görkezýär.

VOA: Bilşiňiz ýaly, häzir Owganystanda barlyşyk sözi köp ulanylýar. Siz bu barlyşygy nähili göz öňüne getirýärsiňiz, bu prosesde Birleşen Ştatlar nähili rol oýnaýar? Ol "Talybanyň" käbir bölekleri bilen gepleşigi goldaýarmy?

Barak Obama:
Regiona hakyky asudalygy getirmek üçin bir syýasy çözgüt bolmaly. Biz muny hemişe aýdyp geldik. Ýöne biziň gaty aýdyň kriterilerimiz bar. Biz her bir adam bilen gürleşeris. Owganlara hem muny maslahat bereris. Ýöne bu adamlar "Al-Kaýda" bilen arasyny üzüp, owgan Konstitusiýasyny ykrar etmeli. Syýasy güýje eýe bolmak üçin zorluk ulanmagy bes etmeli. Olar şu işleri etse, onda 30 ýyllyk uruşdan soň, Owganystana rahatlyk getirjek syýasy çözgüt üçin güýçli mümkinçilik dörär. Ýöne bu syýasy tagallalary goldamak üçin biziň barby tagallalarymyzyň dowam etmegi möhüm. Biz owgan Konstitusiýasyny ykrar edip, gepleşiklere gatnaşmaklary üçin olara gysyş görkezerlik ýagdaýda bolarys.


VOA: Owganystan barada gürrüň gidende, Pakistan barada hem gürrüň etmeli bolýar. Indi Owganystandan çekilmäge başlamak bilen üns Pakistana gönükdirildimi?

Barak Obama:
Meniň garaýşymça, üns Pakistana iki ýyl mundan ozal gönükdirildi. Owganystana we Pakistana şol bir meňzeş problemanyň iki bölegi diýip garamaly. Serhet regionyna ekstremistik elementler kontrollyk edýär. Owganystana, Pakistana we dünýäniň beýleki ýerlerine hüjüm edýän "Al-Kaýda" şu ýerde pena tapýar. Şol sebäpden biz Pakistan bilen hyzmatdaşlyga ymtyldyk. Bu dartgynlylyga getirmän durmady. Ýöne Pakistan gizlin maglumat toplamakda, ýokary ähmiýetli nyşanalary Pakistanda urmakda biziň bilen umuman hyzmatdaşlyk edip geldi.

Biziň pikirimizçe, terrorizmden Pakistandan köp ejir çeken ýurt ýok. Şol sebäpden bu tutuşlygyna olaryň öz bähbidine. Biz barlyşyk prosesinde Pakistan kanuny rol oýnamaly diýip pikir edýäris.

VOA: Siziň pikiriňizçe, Pakistan terrorizme garşy göreşde köpräk rol oýnamalymy?

Barak Obama:
Meniň pikirimçe, Pakistan terrorizme birsyhly ýa başgalaryň problemasy diýip garap geldi ýa-da "Talybanyň" böleklerine Owganystana täsir etmekde bir gural diýip garady. Biziň Pakistana duýduranymyz - diňe bir terrorizmden oňa beýleki ýurtlara garanda, has köp howp abanýanlygy däl, diňe onuň öz goňşulary we Birleşen Ştatlar ýaly dostlary bilen bolan gatnaşygyny dartgynlaşdyrýanlygy-da däl. Biz oňa owgan hökümeti bilen göni gatnaşykda bolup, bu gatnaşyk-da konstruktiw bolsa, onda "Talybana" Owganystana garşy bir gorag hökmünde garamaga hiç hili deliliň ýokdugyny-da duýdurdyk. Munuň deregine olar owgan hökümetine arkalaşykly işleşmäge ýaran hökmünde garamaly.
XS
SM
MD
LG