Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öýleri ýykylýanlaryň ýüz tutmalaryna garalar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, Aşgabat.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, Aşgabat.
24-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarda we Aşgabat şäherinde täze guruljak binalaryň we desgalaryň gurluşyk meýdançasynyň çäklerine düşýän öýleriň ýaşaýjylarynyň ýüz tutmalaryna garamak boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda buýruga gol çekdi.

Şeýle buýruga gol çekmek kararyna ýurduň raýatlaryndan gelip gowuşýan arzalaryň esas bolandygyny prezident öz çykyşynda belledi. Türkmen mediasynyň habar bermegine görä, pudagara toparynyň düzümine ýurduň ähli degişli edaralaryndan wekiller girizilipdir.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soňra, ýurt ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Hususan-da paýtagt Aşgabatda kaşaň binalaryň gurluşygy üznüksiz dowam edip gelýär. Täze salynýan binalar sebäpli, üstünden gurluşyk düşen ilatyň ýaşap oturan jaýlary ýykyldy.

Ýykylýan jaýlaryň köplügi sebäpli, häkimiýetler öý eýelerini kanagatlandyrar derejede jaý bilen üpjün etmekden ejiz gelýärler. Käbir dokumenti düzüw bolmadyk jaýlarda ýaşaýanlara bolsa asla jaý berilmeýär. Gurluşyk sebäpli jaýlarynyň ýykylmagyndan ilat köpçüligi juda nägile.

Şu ýylyň iýun aýynyň başynda «Oguzkent» oteliniň töwereginde ýerleşýän jaýlar häkimlik tarapyndan köpçülikleýin ýykylyp başlanypdy. Resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlara görä, «Oguzkent» oteliniň töwereginde ýaşaýan raýatlaryň köp bölegi jaýlarynyň ýykylmagyndan nägile bolup, prezidentiň öňünden çykypdyrlar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berdimuhamedow Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginiň «Nebitgaz» gazetini döretmek hakda karara gol çekdi. Hojalyk hasaplaşygynda döredilen bu gazet şu ýylyň sentýabryndan neşir edilip başlanar. Diňe türkmen dilinde neşir ediljek bu gazet hepdede bir gezek çykar.

Täze açylan gazetden başga Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrligine «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly žurnal hem degişlidir. Bu žurnal üç aýdan bir gezek neşir edilip, ol türkmen, rus, iňlis dillerinde okyjylara ýetirilýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG