Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow «Itera» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdmimuhamedow «Itera» kompaniýasynyň başlygy Igor Makarow bilen gepleşik geçirdi.

Duşuşykda Igor Makarow öz kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan proýektleri boýunça türkmen prezidentine hasabat berdi.

«Itera» kompaniýasynyň amala aşyrýan proýektleriniň hatarynda milli «Awaza» turistik zonasynda myhmanhananyň gurluşygy ýaly proýekt hem bar.

Bu duşuşykda «Itera» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwalary barada-da pikir alşylandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG