Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde syýasy partiýalar boýunça täze kanunyň proýekti Duma geçirildi


Anna güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurtdaky syýasy partiýalaryň parlament saýlawlaryna gatnaşmak hukuklary bilen baglanyşykly täze kanunyň proýektini Dumanyň garamagyna hödürledi.

Orsýetiň prezident administrasiýasy bu täze kanuny proýektiň syýasy partiýalaryň parlamentden orun almak mümkinçiliklerini ozalkylardan birneme ýeňilleşdirýändigini aýdýar.

Maglumata görä, syýasy partiýalaryň parlamentden orun almaklary üçin gazanmaly ses sanlary ozal 7 prosent bolan bolsa, indi ol 5 prosente getiriler.

2005-nji ýylda ýurduň ozalky prezidenti Wladimir Putin talap edilýän bu ses sanyny 5 prosentden 7 prosente galdyrypdy.
XS
SM
MD
LG