Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň dürli şäherlerinde protestler geçirildi


Anna güni siriýaly aktiwistler Siriýanyň dürli şäherlerinde ýene-de nobatdaky gezek prezident Başar al-Assadyň režimine garşy protest çykyşlarynyň gurnalandygyny habar berdiler.

Resmi taýdan tassyklanylmadyk maglumatlara görä, Siriýanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň günortasyndaky Kiswah şäherinde protestçilere garşy ok akypdyrlar.Ýöne wakada näçe adam ýitgisiniň bolandygy barada maglumat alynmady.

Türkiýäniň häkimiýetleri Siriýanyň hökümetiniň repressiýalaryndan gaçan siriýaly bosgunlardan 12 müňe golaýynyň häzirki wagt Türkiýäniň territoriýasyndaky wagtlaýyn lagerde ýaşaýandyklaryny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG