Sepleriň elýeterliligi

Obama ermeni we azeri prezidentlerine jaň etdi


Anna güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ermenistan bilen Azerbaýjanyň prezidentlerine jaň edip, olar bilen Daglyk-Garabag meseleleri barada pikir alyşdy.

Hususan-da, Barak Obama Ermenistan bilen Azerbaýjanyň prezidentlerini anna güni Kazan şäherinde geçirjek öz gepleşiklerinde Daglyk-Garabak meselesi boýunça adalatly ylalaşyga gelmeklige çagyrdy.

Prezident Serž Sarkisýan bilen prezident Ylham Alyýewiň Kazanda geçiren düýnki gepleşiklerinde Orsýet tarapy araçyl hökmünde çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG