Sepleriň elýeterliligi

Kiýew sudunda Timoşenkonyň işi boýunça diňlenişik geçirildi


Anna güni Kiýewiň sudy Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko garşy bildirilýän jenaýat aýyplamalary boýunça sud diňlenişigini geçirdi.

Ýurduň prokuraturasy Ýuliýa Timoşenkony Orsýet bilen gaz söwdasy baradaky ylalaşyga gol çekende öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda we gazyň çakdanaşa gymmat satyn alynmagyna sebäp bolanlykda aýyplaýar.

Oňa korrupsiýa bilen baglanyşykly käbir beýleki işler boýunça-da jenaýat aýyplamalary bildirilýär.

Ýuliýa Timoşenkonyň özi bu bildirilýän aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýan galplaşdyrylan aýyplamalar diýip hasaplaýar.

Anna güni Tomoşenkonyň tarapdarlarynyň müňlerçesi Kiýew sudunyň binasynyň öňünde bu sud prosesini ýazgaryp, demonstrasiýa geçirdiler.
XS
SM
MD
LG