Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Gresiýa goşmaça ýardam bermäge taýýar


Anna güni Ýewropa Bileleşigi Gresiýanyň býujet defisiti bilen baglanyşykly problemalarynyň öňüni almak üçin bu ýurda ýene goşmaça ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Ýöne Ýewropa Bileleşigi şeýle goşmaça ýardamlaryň berilmegi üçin Gresiýanyň parlamentiniň talap edilýän çäklendirmeleri kabul etmelidigini aýdýar.

Bileleşigiň berjek karz ýardamy bilen baglanyşykly geljek hepde Gresiýanyň parlamenti býujetden sarp edilýän çykdajylary 28 milliard ýewro azaltmak hem-de salgytlary artdyrmak barada täze düzgünlere ses berer diýlip garaşylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň talap edýän çäklendirme düzgünleri kabul edilen halatynda, Ýewropa Bileleşigi we Halkara pul gaznasy Gresiýa goşmaça 12 milliard ýewro karz berer.

Soňky wagtlar Gresiýanyň hökümetiniň we parlamentiniň býujet syýasatyna garşy protest çykyşlary ýurtda yzygiderli dowam edýär.
XS
SM
MD
LG