Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we ÝB Timoşenko garşy başlanan sud işini ýazgarýar


Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko garşy başlanan sud işini ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland Ýuliýa Timoşenko garşy ýola goýlan sud işiniň syýasy matlaba esaslanýan bolmagy mümkin diýlip çaklanylýandygyny we Birleşen Ştatlaryň bu barada alada bildirýändigini aýtdy.

Ýuliýa Timoşenko wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we korrupsiýa bilen baglanyşykly özüne bildirilýän aýyplamalary syýasy matlaba esaslanýan galplaşdyrylan aýyplamalar diýip hasaplaýar.

Düýn Timoşenkonyň tarapdarlarynyň müňlerçesi Kiýew sudunyň binasynyň öňünde bu sud prosesini ýazgaryp, demonstrasiýa geçirdiler.
XS
SM
MD
LG