Sepleriň elýeterliligi

Alyýew bilen Sarkisýanyň geçiren gepleşikleri netijesiz


Anna güni Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýanyň Daglyk-Garabag meselesi boýunça geçiren gepleşikleri netijesiz tamamlandy.

Kazan şäherinde geçirilen bu gepleşige Orsýet tarapy araçyllyk etdi. Emma Orsýetiň we Günbatar ýurtlaryň hökümetleriniň çagyryşlaryna garamazdan, Daglyk-Garabag meselesi boýunça bu gezekki gepleşikler hem anyk ylalaşyklara getirmedi.

Düýn bu gepleşikleriň yzy bilen Ermenistanyň daşary işler ministri Edward Nalbandýan düýnki gepleşikleriň başa barmazlygynda Azerbaýjan tarapyny aýyplady.
XS
SM
MD
LG