Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli milliarder Prohorow syýasy partiýanyň başyna geçdi


Şu gün Orsýetiň «Prawoe delo», ýagny «Hak iş» atly syýasy partiýasynyň nobatdan daşary gurultaýynda belli milliarder Mihail Prohorow bu partiýanyň başlygy wezipesine saýlandy.

Moskwada geçen bu gurultaýda partiýanyň wekilleriniň öňünde eden çykyşynda Mihail Prohorow Orsýetdäki bir partiýanyň agalyk ediji roluny tankytlady.

«Prawoe delo» partiýasy 2012-nji ýylda geçjek prezidentlik saýlawlarynda Dmitriý Medwedewiň ikilenji möhlete dalaş eden halatynda, onuň kandidaturasyny goldamaga taýýardygyny mälim edipdi.

Milliarder Mihail Prohorow şu çaka çenli Orsýetiň syýasy sahnasynda aktiw iş alyp barmandy.
XS
SM
MD
LG