Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow NATO-nyň wekili bilen gepleşik geçirdi


Anna güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow NATO harby bileleşiginiň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz regiony boýunça ýörite wekili Jeýms Appaturaý bilen gepleşik geçirdi.

Bu duşuşykda Jeýms Appaturaý Türkmenistanyň Owganystandaky dikeldiş işlerine goşýan goşandyna NATO-nyň ýokary baha berýändigini aýtdy.

Şeýle hem, ol NATO-nyň bitarap Türkmenistan bilen öz hyzmatdaşlyklaryny ösdürmeklige uly ähmiýet berýändigini-de nygtady.

Duşuşykda tebigy betbagtçylyklara, bikanun neşe dolanyşygyna, terrorizme we guramaçylykly jenaýatçylyklara garşy göreş ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk meselesi üns merkezinde boldy.

Bu duşuşyga Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Kit Renni Allan hem gatnaşdy.
XS
SM
MD
LG