Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň tanklary Türkiýe bilen serhet ýakadaky oba girdiler


Şenbe güni hökümete garşy protestleri basyp ýatyrmak kampaniýasynyň barşynda Siriýanyň tanklary Türkiýe bilen serhet ýakadaky Al-Najiýa obasyna girdiler.

Siriýaly aktiwistler hepdäniň anna güni ýurduň Damask, Homs we Kiswah şäherlerinde gurnalan demonstrasiýalarda hökümet güýçleriniň atan okundan azyndan 18 adamyň ölendigini aýdýarlar.

Emma Siriýanyň döwlet telewideniýesi Damaskda parahat ýaşaýjylaryň öldürilmegine hökümet güýçleriniň däl-de, näbelli ýaragly adamlaryň eden hüjümleriniň sebäp bolandygyny öňe sürüp, maglumat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG