Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku bilen Ýerewan Daglyk-Garabag meselesi boýunça ýene ylalaşyp bilmedi


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (ortada), ermeni prezidenti Serž Sarkisýan (çepde) we azeri prezidenti Ylham Alyýew (sagda) Kazandaky duşuşyk mahalynda, 24-nji iýun.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew (ortada), ermeni prezidenti Serž Sarkisýan (çepde) we azeri prezidenti Ylham Alyýew (sagda) Kazandaky duşuşyk mahalynda, 24-nji iýun.
Anna güni Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýanyň Daglyk-Garabag meselesi boýunça geçiren gepleşikleri netijesiz tamamlandy.

Kazan şäherinde geçirilen bu gepleşige Orsýet tarapy araçyllyk etdi. Emma Orsýetiň we Günbatar ýurtlaryň hökümetleriniň çagyryşlaryna garamazdan, Daglyk-Garabag meselesi boýunça bu gezekki gepleşikler hem anyk ylalaşyklara getirmedi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen Ermenistanyň daşary işler ministri Edward Nalbandýan gepleşikleriň başa barmazlygynda Azerbaýjan tarapyny aýyplady.

Baku bilen Ýerewan Daglyk-Garabag konfliktini çözmek baradaky gepleşiklerde köp wagt bäri uly bir netije gazanyp bilmän gelýär.

Waşingtondaky Halkara parahatçylygy boýunça Karnegi fondunyň günorta Kawkaz boýunça analitigi Tomas de Waal Bakuw bilen Ýerewanyň arasynda Azerbaýjanyň bölüniji Daglyk-Garabag territoriýasynyň üstünde barýan dawany köpden bäri yzarlaýan synçylaryň biri. “Men Dagly-Garabag parahatçylyk prosesini Sizif baradaky grek ertekisine deňeýärin, ol daşy togarlap, depäniň üstüne çykarjak bolýar we hiç aňyrsyna ýetip bilmeýär hem-de daş ýene aşak togalanýar” diýip, De Waal aýdýar.

Hakykatdan hem, 1988-1994-nji ýyllarda Daglyk-Garabagyň üstünde bolan ganly uruş atyşygy bes etmek bilen togtadylaly bäri halkara jemgyýetçiliginiň bu konflikti gutarnykly çözmek tagallalary, etniki ermeniler hakykatda Daglyk-Garabagyň garaşsyzlygyny saklaýan hem bolsalar, dartgynlylygyň saklanyp galmagy we urşuň gaýtadan turmak ähtimallygy astynda, henize çenli uly bir netije bermedi.

Esasy ýörelgeler

Şol bir wagtda-da, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň çagyryşyndan hem görnüşi ýaly, häzir hakykatda Garabag konfliktini çözmek barada däl-de, eýsem geljekde öňe tarap ädilmeli ädimleri kesgitlejek esasy ýörelgelerde ylalaşmak barada gürrüň barýar.

Şol esasy ýörelgeler Daglyk-Garabagyň töweregindäki basylyp alnan ýerleri Bakuwyň kontrolyna gaýtaryp bermegi, ýerinden-ýurdundan göçmeli bolan adamlaryň yzyna dolanmak hukuklaryny, Daglyk-Garabagyň howpsuzlygyny we özüni dolandyrmak kepilligini, şeýle-de onuň geçiş durumyny we geljekde bir zaman bu territoriýanyň kanuny durumyny kesgitlemek barada ylalaşyga gelmegi hem öz içine alýar.

Bu ýörelgeleri kesgitlemek üçin iki tarapyň hem gatnaşmagynda geçirilen gepleşikler bäş ýyl gowrak wagtdan soň, soňky döwürde Orsýet, Bileşen Ştatlar we Fransiýa ylalaşyga gelmek baradaky talaplaryny has artdyrdylar. Olaryň hersi öz gezeginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bu konflikti çözmäge araçylyk etmek üçin döreden Minsk toparyna başlyklyk edýär.

Bu üç ýurduň prezidentleri 26-njy maýda “G-8-iň” Dowilde geçen sammiti mahalynda ýaýradan beýanatlarynda aýgytly ädimler üçin wagtyň gelendigini aýtdylar. Olaryň pikiriçe, mundan aňryk haýal-ýagallyk etmek Ermenistan bilen Azerbaýjanyň hakykatdan hem ylalaşyga gelmek isleýändiklerine güman döretjek.

Orsýetiň tagallalary

De Waalyň pikiriçe, Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň parahatçylyk prosesine berýän ünsüniň güýçlenmegi bu meseledäki esasy elementleriň biri bolup durýar. Kazan duşuşygy rus lideriniň Alyýew bilen Sarkisýany şertnamanyň esasy ýörelgeleriniň üstünde ylalaşdyrmaga synanýan bäşinji maslahat boldy. Emma, görnüşe görä, bu hem netije bermedi.

Garabag gepleşiklerinden öň
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:50 0:00
Wideo: Kazanda geçirilen gepleşiklerinden öň, Azatlyk Radiosynyň Tatar gullugy ermeni we azeri jemgyýetleriniň liderleri bilen söhbetdeş boldy.

2008-nji ýylyň awgustynda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda bolan gysga wagtlyk uruşdan soň, Moskwanyň sebitdäki hereketlerine hem Günbatarda, hem Kawkazda ynamsyz garaýanlar bolsa-da, Waşington Orsýetiň bu ugurdaky tagallalaryny gutlaýandygyny açyk aýtdy.

Ermenistanyň uly oppozision partiýalarynyň ikisi Kazan sammitiniň öňünden prezident Serž Sarkisýana duýduryş bilen çykyş edipdi. “Ermeni rewolýusion federasiýasy” we “Miras” partiýalary Kazan sammitinde Daglyk-Garabag respublikasynyň kanuny wekilleriniň gatnaşmazlygynda gol çekilen islendik dokumentiň kanuny agramynyň bolup bilmejegini aýdypdylar.
XS
SM
MD
LG