Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene bolmady...ýeňildik


Ilmyradow: "Edara-kärhanalaryň, hususan-da býujet edaralarynyň işgärleri, okuwçylar sport çärelerine sürülýärler".
Ilmyradow: "Edara-kärhanalaryň, hususan-da býujet edaralarynyň işgärleri, okuwçylar sport çärelerine sürülýärler".
2012-nji ýylda Londonda geçiriljek XXX tomusky olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşynda futbol boýunça Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy öz meýdançasynda siriýaly bäsdeşlerinden 0:4 hasabynda ýeňildi.

Bu duşuşygyň birinji oýnunda Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy Siriýa bilen 2:2 hasabynda deň oýnapdy. Duşuşyk bitarap meýdançada, ýagny Iordaniýada geçirilipdi.

Myhmançylykda 2:2 hasabynda deň oýnan türkmenistanly futbolçylaryň öz meýdançalarynda garşydaşlaryndan üstün çykjagyna umytlar uludy. Emma oýnuň netijesi türkmen futbolunyň ösüşlerden kän yzda barýandygyny subut etdi.

0:4! Özi hem öz meýdançaňda! Futbolda şeýle uly hasap bilen öz meýdançaňda ýeňilmek iň bir biabraýçylyk hasaplanýar. Şeýle netijeden soň, köplenç halatda komandanyň türgenleşdirijisi wezipesinden çetleşdirilýär.

Eýsem-de bolsa 23-nji iýunda «Olimpiýa» stadionynda türkmen futbolçylarynyň şowsuz oýnunyň aňyrsynda näme sebäpler ýatyr?

Umuman alanyňda, türkmen sportundan gaty uly umytlara bil baglaýan ýolbaşçylar, gynansaň-da, bedenterbiýe bilen sportuň düýbünden aýratyn zatdygyna kän bir düşünmeýäne meňzeýärler. Bedenterbiýe höwesjeň görnüşde bolsa, sport eýýäm professional derejededir. Professionalizme bolsa aýlyk, hak tölenmeli. Professional sport «bol-bola», basyşa boýun egmeýär. Onuň ösmegi üçin, şertler gerek, esasanam hak gerek. Türkmen sportunda bolsa bu şertler göze ilmeýär.

Türkmenistanda sporta juda uly ünsüň berilýändigi barada Galkynyş ideologiýasy näçe şowhun turuzsa-da, bu diňe bir boş galypdyr. Iň bärkisi Siriýa bilen geçirilen jogap oýnunda «Olimpiýa» stadionyna baran tomaşaçylaryň aglaba bölegi hem ol ýere mejburylyk bilen eltilenlerdi.

Ýürekden ýapyşylmasa…

Haçanda bir işe söýgi bilen çyn ýürekden ýapyşylmasa, onda onuň ahyry netijesiz tamamlanýar. Sport mejburylyga ýugrulman, eýsem erkinlige, höwese daýanmasa, onda ol hiç haçanam ösüşe eýe bolmaz.

Dogry, ýurtda sportuň ösmegi üçin döwrebap stadionlar, sport desgalary gurulýar. Emma giden gurluşyga ummasyz çykdajylar edilse-de, sportsmenlere, trenerlere çaklaňja aýlyklar tölenýär. Olaryň daşary ýurda bäsleşiklere gatnaşmagy üçin çykdajyny döwlet, köplenç halatda öz üstüne almaýar. Bu bolsa sportsmenleriň sportdan daşlaşmagyna getirýär.

Geçen ýylyň 20-nji dekabrynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşi 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk berýän karary kabul edensoň, Türkmenistanda sport çäreleri görlüp-eşidilmedik derejede ýygjamlaşdy. Edara-kärhanalaryň, hususan-da býujet edaralarynyň işgärleri, okuwçylar sport çärelerine sürülýärler. Olar hepdede bir gezek köpçülikleýin ylgaw ýodasyny geçýärler, sportuň dürli oýunlaryny oýnaýarlar.

Ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden çen tutsaň, hakykatdan hem, Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýan ýaly. Ýöne bu alnyp barylýan çäreler ýurtda sportuň ösmegine goşant goşman, eýsem sporta bolan ýigrenji oýarýar. Sebäbi ol çärelere halk zorluk bilen çykarylýar.

Ýurtda professional sporty ösdürmek barada düýpli işi geçirmän, ýolbaşçylar ownuk bedenterbiýe işleri bilen meşgul bolýarlar.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG