Sepleriň elýeterliligi

Siriýada azyndan bäş adam öldürilipdir


Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatyna görä, şenbe güni Siriýada oppozisiýa aktiwistleri jaýlananda bärsinden bäş adam öldürilipdir.

Jaýlaýyş prosesi ösüp, prezident Başar al-Assadyň iş başyndan çekilmegini talap edýän aksiýa öwrüldi we howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyk boldy.

Oppozisiýa tarapdar ýene üç adam Damaskyň etegindäki Kuseýr obasynda öý dökülende öldürildi.

Bärsinden 200 adamyň tussag edilendigini adam hukuklaryny goraýjylar habar berýärler.
XS
SM
MD
LG