Sepleriň elýeterliligi

Wýetnamda güýçli ýagyş 16 adamyň ölümine sebäp boldy


Wýetnamyň demirgazygyna ýyldyrym çakyp, güýçli ýelli ýagşyň gelmegi 16 adamyň ölümine sebäp boldy.

Wýetnam häkimiýetleriniň ýekşenbe güni beren habaryna görä, 12 adamy ýyldyrym urupdyr.

Tebigy betbagtçylyk hepdäniň çarşenbe güni başlandy. Dört adam at-dereksiz ýiten hasap edilýär. 60-dan gowrak adam şikes aldy. Ýüzlerçe jaýa zeper ýetdi.

Her ýyl Wýetnamda suw joşmasyndan, harasatdan ýüzlerçe adam ölýär.

Şeýle howply howa şertleri oktýabr aýynyň ahyryna çenli dowam edip biler.
XS
SM
MD
LG