Sepleriň elýeterliligi

Dünýäde gant kesellileriň sany 347 million adam


Geçen soňky 30 ýylda tutuş dünýä boýunça uly adamlaryň arasynda gant keseli bilen kesellänleriň sany artyp, 347 million adama ýetipdir.

Bu barasynda Garward uniwersitetiniň we Londondaky patyşalyk kollejiniň spesialistleriniň geçiren barlaglarynda aýdylýar.

Gant kesellileriň sanynyň artmagyna sebäpleriň biri hökmünde ekspertler semizlikden ejir çekýänleriň köpelýändigini getirýärler.

Gant keseliniň ýokary depgin bilen ýaýraýan ýurtlarynyň arasynda Kabo-Werde, Samoa, Saud Arabystany, Papua-Täze Gwineýa, Birleşen Ştatlar bar.
XS
SM
MD
LG