Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň paýtagtyna Gyzyl Hajyň gämisi geldi


Şu gün Liwiýanyň paýtagty Tripolä Gyzyl Hajyň gämisi geldi. Ol Bengaziden ýüz töweregi Liwiýanyň graždanyny alyp geldi. Olar, esasan, öz ýakynlary bilen birleşmek islän aýallar, çagalar we garrylar.

Fewral aýynda gozgalaňçylar bilen Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň arasynda garşydurmalar başlanaly bäri Liwiýa iş ýüzünde iki bölege bölündi.

Ýurduň gündogaryndaky Bengazi şäheri gozgalançylaryň daýanç nokadyna öwrüldi, paýtagt Tripoli hökümet güýçleriniň elinde.
XS
SM
MD
LG