Sepleriň elýeterliligi

Eýran Ýewrobileleşigiň aýyplamasyny ret edýär


Yslam rewolýusiýasy Sakçylarynyň Siriýadaky protest aksiýalaryny basyp ýatyrmaga gatnaşýandygy dogrusynda Ýewropa Bileleşiginiň bildiren aýyplamasyny Eýran ýekşenbe güni ret etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň wekili Ramin Myhmanparaz: “Ýewropa Bileleşigi Eýrana garşy propaganda bilen meşgullanýar” diýdi.

Hepdäniň anna güni ÝB protest aksiýalaryny basyp ýatyrmakda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimine goldaw berýäni üçin Eýranyň Sakçylarynyň üç wekiline syýahat etmäge gadaganlyk girizdi hem maliýe serişdelerini doňdurmaly etdi.

Şol gadaganlyk Sakçylaryň baş serkerdesine, "Kods" atly ýörite bölümiň serkerdesine, şeýle-de razwedka edarasynyň baştutanyna degişli.
XS
SM
MD
LG