Sepleriň elýeterliligi

Kareliýadaky uçar betbagtçylygynda pidalaryň sany 47


Kareliýada bolan uçar betbagtçylygynda pidalaryň sany 47 adama ýetdi.

Orsýetiň Saglygy saklaýyş ministrliginden berlen habarda agyr halda ýatanlaryň ýene ikisiniň aradan çykanlygy aýdylýar. Betbagtçylyga uçran ýene bäş ýolagçy agyr ýagdaýda keselhanada ýatyr.

21-nji iýunda “Ruseýr” awiakompaniýasynyň Moskwadan uçan Tu-134 uçary barýan ugruny üýtgedip, Petrozawodskiniň aeroportunyň golaýynda ýere gaçdy.

Hadysanyň sebäbi bilen bagly deslapky çaklamalar: ekipažyň hatasy, ýaramaz howa şertleri, aeroportuň ýagdaýynyň talaplara bap gelmezligi.

Derňewler dowam edýär.
XS
SM
MD
LG