Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda adam hukuklaryny goraýjy azatlyga çykaryldy


Hytaýda belli ynsan hukuklaryny goraýjy Hu Szýa azatlyga çykaryldy.

Onuň aýalynyň aýtmagyna görä, üç ýarym ýyl türme tussaglygynda oturyp, Hu Szýa bazar güni irden öýüne gelipdir. Ol ýykgynçylykly işler alyp barmakda aýyplanyp, azatlykdan mahrum edilipdi.

Hepdänin dowamynda hytaý häkimiýetlerini tankyt edýän belli suratkeş-hudožnik Aý Weýweý hem azatlyga çykarylypdy.

Aý Weýweýiň we Hu Szýanyň boşadylmagy HHR-niň hökümet başlygy Wen Szýabaonyň Ýewropa saparynyň öňüsyrasyna we şol saparyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG