Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ballistik raketalary ulanyp, türgenleşik geçirer


Eýranyň Rewolýusiýa sakçylary ballistik raketalaryň dürli görnüşlerini ulanyp, harby türgenleşik geçirmekçi. Bu barada resmi IRNA habar gullugy maglumat berýär.

Rewolýusiýa sakçylarynyň komandiri general Ami Ali Hajizadehiň aýtmagyna görä, “Beýik Pygamber-6” kod atly bu türgenleşiklere duşenbe güni başlamak göz öňünde tutulýar.

General Hajizadeh bu harby türgenleşikleriň üsti bilen “regiondaky döwletlere barlyşygyň we dostlugyň habary” berler diýdi.

Tähranyň bellemegine görä, Eýranyň Ysraýyla we Amerikanyň Ýakyn Gündogardaky bazalaryna çenli ýetmäge ukyply raketalary hem bar.
XS
SM
MD
LG