Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidenti Pakistany raketa atmakda aýyplady


Prezident Hamid Karzaý Pakistany Owganystanyň gündogar sebitlerine soňky üç hepdäniň dowamynda 470 sany raketany atmakda aýyplady.

Owganystanyň serhet resmileriniň aýtmagyna görä, şol hüjümler NATO güýçleriniň çekilen Kunar we Nangarhar welaýatlaryna garşy amala aşyrylypdyr.

Prezident Karzaý özüniň beýanatynda Pakistanyň hökümetiniň bu hüjümlere jogapkärdigini belläp, “bu hüjümleriň dessine togtadylmalydygyny” nygtady.

Şol bir wagtda, NATO-nyň aýtmagyna görä, ýekşenbe güni Owganystanda söweşijileriň amala aşyran hüjümlerinde ýaranlygyň bäş sany işgäri öldürilipdir.

Şu ýylyň dowamynda Owganystanda NATO-nyň 200 töweregi işgäri öldürildi.
XS
SM
MD
LG