Sepleriň elýeterliligi

Saud Arabystanynda 85 adam terrora dahyllylykda aýyplanýar


Saud Arabystanynda “Al-Kaýda” terror topary bilen ilteşikli bolmakda gümän edilýän 85 adama 2003-nji ýyldaky terror aktlaryna dahyllylykda aýyplama bildirilip, olaryň üstünden sud diňlenişigi geçirildi.

SPA habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, suduň öňüne çykanlaryň käbirleri 2003-nji ýylda Riýadh şäherinde ulag partlamalaryny amala aşyrmakda aýyplanýarlar. Bu wakalarda 30 töweregi adam ölüpdi.

Ýekşenbe güni geçirilen sud diňlenişiginde işine seredilen beýleki adamlara howpsuzlyk güýçlerine hüjüm etmek, ýarag daşamak, partlaýjy serişdelerini ýasamak ýaly aýypmalar bildirildi.
XS
SM
MD
LG