Sepleriň elýeterliligi

Moskwada Hodorkowskini goldaýanlar ýöriş geçirdi


Moskwada Orsýetiň öňki nebit magnaty Mihail Hodorkowskini goldap geçirilen demonstrasiýada 10-a golaý aktiwist tussag edildi.

Demonstrasiýa “Ýukos” kompaniýasynyň öňki başlygy Hodorkowskiniň 48 ýaşynyň dolmagyna gabatlanyp geçirildi.

Ýekşenbe güni Moskwanyň Köne Arbat köçesinde 50 töweregi aktiwist ýöriş geçiripdi. Hodokowskiniň goldawyna Sankt-Peterburg şäherinde hem demonstrasiýa geçirildi.

Mihail Hodorkowskiý 2003-nji ýylda korrupsiýada aýyplanyp, tussag edilenden bäri türme tussaglygynda saklanylýar. Ol özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.
XS
SM
MD
LG