Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yusup Juma – şahyr hem göreşiji


Özbek dissidenti Ýusup Juma (ortada) öz ogly we aýaly bilen, 2011-nji ýyl.
Özbek dissidenti Ýusup Juma (ortada) öz ogly we aýaly bilen, 2011-nji ýyl.
Ýusup Juma 2008-nji ýylda Özbegistanda nobatda geçirilmeli prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanyda, ýurduň prezidenti Yslam Karimowyň kandidaturasynyň öňe sürülmegine garşy açyk çykyş edipdi. Ol Yslam Karimowyň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmaga kanuny taýdan hakynyň ýokdugyny aýdypdy.

Bu çykyşy üçin ony “halky pitneçilige çagyrýar” diýen aýyplama bilen 5 ýyl azatlykdan mahrum etdiler hem ýurtdaky “Ýaşlyk” atly iň ýowuz türmä saldylar. Şondan soň onuň ady dünýä jemgyýetçiliginiň diline düşdi. Bu barada yzygiderli seslenmeler boldy durdy.

Şu ýylyň 18-nji maýynda bolsa Ýusup Juma amnistiýa akty bilen azatlyga çykaryldy. Türmeden çykyşyna-da ol Birleşen Ştatlara ugradyldy.
Azatlyk Radiosyndan Hudaýberdi Hally bu belli şahyr hem publisist bilen özbek halkynyň ýüzbe-ýüz bolýan syýasy kynçylyklary, söz azatlygy hem demokratik erkinlik barada gürrüňdeş boldy.

H. Hally: Ýusup, meniň ilkinji sowalym şeýle. “Hak sözi türmä salyp bolmaz” diýen ganatly düşünje bardy. Siz nädip türmä düşdüňiz?

Ýusup Juma: Magtymgulyda bir söz bar: ol “Hak söze ten beren ýokdur” diýipdi. Hak sözüňi halamaýarlar, ony sygyrmaýarlar. Aslynda zalym patyşalar hiç haçan adalata ten bermändirler we adalaty islemändirler.

Prezident Karimowyň syýasaty barada hak sözi aýdanym üçin, men türmä salyndym. Meniň ogullarymy-da türmä atdylar. Türmä düşmegimiň başga bir säbäbi ýok.

Karimow indi bikanun görnüşde 22 ýyllap Özbegistanyň prezidenti bolup gelýär. Men oňa seniň işden çekilmegiň gerek. Git indi, seniň möhletiň doldy. Muňa seniň Özbegistanyň Konstitusiýasy boýunça-da hakyň ýok, bu düýpgöter mümkin däl diýip, açyk aýtdym. 2005-nji ýylyň 13-nji maýynda Andijanda bolan wakalarda halky oka tutup, bütin Özbegistany gorkuda saklap gelýär. Men onuň kanuny däl ýol bilen ýene prezidentlige saýlanjak bolýandygyny dünýä jemgyýetçiligine eşitdirmek üçin, köçä çykdym. Şonuň üçin Karimow meni tussag etdirdi.

H. Hally: Ýusup, siz türmeden çykanyňyzda, ene toprakda ilkinji duýan zadyňyz näme? Siz üçin azatlygyň ilkinji alamaty näme bolup duýuldy?

Ýusup Juma: Men azat bolmadym. Meni Karimow türmeden elime gandal urup, dogry Daşkende getirtdi-de, türmeden gös-göni sürgüne ýollady. Bir fakty aýdaýyn. Maňa berlen täze pasportda şeýle ýazgy bar: ol 6-njy maýda berilýär, 21-nji maýda-da möhleti gutarýar diýlip ýazylan. 15 günlük pasport berýärler. Muňa düşünýäňizmi? Gyzym bilen agtygyma berlen pasport ondanam gysga. Olara 14-nji maýda berilýär, 21-nji maýda-da onuň möhleti gutarýar, ýagny bir hepdelik pasport.

Aslynda men Watanymdan – Özbegistandan çykyp gitmegi islemändim, Karimow aeroporta çenli elime gandal urup eltdi. Şonuň üçin men muňa azatlyk diýmeýärin, muny Karimowyň nobatdaky zorlugy diýip bilýän.

H. Hally: Indi ol ýurtda kim galdy diýip soramak isleýän? Siz çykdyňyz, öň Muhammet Salyh çykyp gitdi. Ýurtda hakykaty aýdar ýaly adam galdymy?

Ýusup Juma: O ýurtda häzir ýagdaý şeýleräk. Ýöne umydymyz bar, beýle syýasatyň soňy geler. Diktatorçylyk syýasat ahyryna ýetip barýar, sebäbi beýle syýasatyň uzak dowam etmegi mümkin däl. Beýle zorlugy ýöredýänleri adamzat taryhy köp görüpdir. Ýöne olaryň ählisi biabraýlyk bilen soňlanan. Her bir zadyň ölçeginiň bardygy Gurhany Kerimde-de aýdylan. Şonuň üçin Karimowyň diktaturasynyň hem ömri azaldy. Watan azat bolar.

H. Hally: “Azatlyk berilmeýär, ol alynýar” diýlen bir ajy degişmä çalymdaş hakykat bar. Eýse, Watanyň içinde şol azatlygy talap etjek adamlar barmy?

Ýusup Juma: Halkyň özi 100 göterim, şondan bäri bolaýanda-da, umuman, milletiň gaty köp bölegi diktatorçylyk düzgünden irdi. Ýöne biziň halkymyzda gorky bar. Biziň halkymyzy juda güýçli gorky gaplap alypdyr. Dünýädäki demokratik güýçleriň tejribelerine eýerip, akyl-paýhas hem aýdyň pikir bilen ýol tutsak, dogry hem aň-bilimli ideýa bilen iş alyp barsak, biziň ýurdumyzda adalat ornaşardy diýip, pikir edýän.

Ýurduň öz içinde demokratiýany gazanmaga özbek halkynyň güýji ýetmeýär. Sebäbi ol aslynda gorkuzylan millet, ol öz-özünden azat bolup bilmez. Men bu hakda 2003-nji ýylda Ýewropa Parlamentinde aýdypdym. Bu halk indi Karimowy ne saýlaw ýoly bilen, ne-de kanuny sud üsti bilen wezipesinden çetleşdirip biler. Diňe dünýä progessiw jemgyýetçiligi ýardam berse, biz diktaturadan azat bolarys.

Şonuň üçinem, birinjiden, halkyň öz erkinligi ugrunda alada etmegi we göreşmegi gerek. Ikinjiden-de, dünýäniň progressiw jemgyýetçiliginiň bizi goldamagy gerek. Muny demokratiýa ugrunda göreşýänleriň bilmegi gerek, demokratiýa ugrunda göreşýänleriň birleşmegi gerek. Milletiň hem gözüni açmagy gerek. Şonda biz diktaturadan erkin bolarys.

H. Hally: Ýene bir sowalym bar, siz leningradly şahyr Ýozef Brodskini gowy bilýänsiňiz. Ol 70-nji ýyllaryň başlarynda tuneýadstwoda, ýagny mugthorlukda aýyplanyp, sud edilipdi hem türmä basylypdy. Soňra dünýä jemgyýetçiliginiň talaby bilen türmeden boşadyldy hem Birleşen Ştatlardan başpena aldy. SSSR darganynda, beýleki emigrantlaryň köpüsi ýurduna dolandy. Emma ol gelmedi. Öz ýurdundan, ilinden göwnüniň galandygyny aýtdy. Ýurda dolanmanam, dünýäden ötdi. Indi şu meselede siz nähili? Eger mümkinçilik bolsa, şert dörese, öz ýurduňyza bararsyňyzmy?

Ýusup Juma: Men şu pursadyň özünde-de ýurduma bararyn. Mümkinçilik döräninde bararyn. Elbetde, men şonuň üçin göreşýärin. Men öz ýurdumy aşa ýagşy görýän. Diňe meniň öz oturan topragym däl, Türkmenistan, Özbegistan, bütin Merkezi Aziýa, gadymky Türküstan biziň bütewi ýurdumyz, men şonuň erkinligi üçin göreşýärin. Bu ýerde bolsam-da, şol ýurduň geljegine, halkyň geljegine ömrümi bagyşlaýaryn. Elbetde, men ol ilsiz ýaşap bilmerin we, elbetde, ýurduma gaýdyp bararyn.
XS
SM
MD
LG