Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda neşe maddalarynyň uly möçberi ýakyldy


Ýekşenbe güni Türkmenistanda organ işgärleri tarapyndan konfiskasiýa edilen neşe maddalarynyň uly möçberini ýakmak çäresi gurnaldy.

Aşgabadyň etegindäki «Kasamly jülge» diýen ýerde gurnalan bu nobatdaky neşe ýakyşlyk çäresine Türkmenistanyň käbir hökümet organlarynyň wekilleri bilen birlikde BMG-niň neşä we jenaýatçylyga garşy göreş boýunça uprawleniýesiniň, ÝHHG-niň, şeýle hem Türkmenistandaky käbir daşary ýurtlaryň diplomatik merkezleriniň wekilleri-de gatnaşdylar.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi 343 kilogram möçberindäki neşe maddasyny ýakmak çäresiniň Türkmenistanyň neşe problemasyna garşy tutanýerli göreşiniň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtaýar.

Neşekeşlik we neşe söwdasy bilen baglanyşykly problemalar Türkmenistanda henizem çynlakaý sosial problemalardan biri bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG