Sepleriň elýeterliligi

Sudanyň prezidenti Hytaýa etjek saparyny ýatyrdy


Halkara sudy tarapyndan tussag edilmelidigi barada höküm çykarylan Sudanyň prezidenti Omar al-Başir şu gün Hytaýa etjek saparyny ýatyrdy.

Bu wakanyň öňýany ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Sudanyň prezidentiniň Hytaýa çagyrylmagyna aladalanyp, muňa protest bildiripdiler.

Halkara sudy 2008-nji ýylda prezident Omar al-Başiri Sudanyň Darfur regionyndaky wakalar bilen baglanyşykly uruş jenaýatçylyklarynda we ynsanýete garşy jenaýat etmekde aýyplap, onuň tussag edilmelidigi barada karar çykarypdy.
XS
SM
MD
LG