Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda medeniýet we sungat işgärleriniň güni


Şu gün Türkmenistanda medeniýet we sungat işgärleriniň güni bellenilip geçilýär.

Bu waka bilen baglanyşykly prezident G.Berdimuhamedow ýurduň medeniýet we sungat işgärlerine gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlendi.

Bu ýüzlenmede G.Berdimuhamedow «Özygtyýarly watanymyzyň ruhy-medeni pudakda gazanan üstünlikleri biziň milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň özboluşly şöhlelenmesidir» diýip belläpdir.

Emma käbir synçylar Türkmenistanda medeniýetiň we sungatyň erkin ösmegi üçin düýpli reformalaryň geçirilmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG