Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň ozalky razwedka ofiseri gaýybana sud edildi


Şu gün Moskwanyň harby tribunaly Orsýetiň ozalky razwedka ofiseri Aleksandr Poteýewi gaýybana ýagdaýda 25 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Aleksandr Poteýew geçen ýylyň tomsunda Birleşen Ştatlarda tussag edilen orsýetli içalylaryň bir toparynyň üstüniň açylmagynda günäkärlenilýär.

Moskwanyň harby tribunaly ony watan dönükliginde we dizertirlik etmekde günäli tapdy.

Aleksandr Poteýew geçen ýylyň iýunynda orsýetli içalylaryň Birleşen Ştatlarda tussag edilmekleriniň edil öňýany Orsýedi terk edipdi we ol häzirki wagt Birleşen Ştatlarda gizlenýändir diýlip çaklanylýar.

Geçen ýyl Birleşen Ştatlarda tussag edilen şol 10 sany raýat soňra günbatara içalyçylyk etmekde aýyplanyp Orsýetde tussag edilen 4 adam bilen çalşylypdy.
XS
SM
MD
LG