Sepleriň elýeterliligi

Dynç alşa girizilen çäklendirmeler


Gökderede çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurluşygynyň sanynyň artdyrylmagy bilen, jülgelerde dynç almaklyga çäklendirme girizildi.

Gökderede çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurluşygynyň sanynyň artdyrylmagy bilen, jülgelerde dynç almaklyga çäklendirme girizildi.

Garaşsyzlyk ýyllary Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde onlarça dynç alyş merkezleri we seýilgähleri gurlup, ulanylmaga berildi.

Aşgabat şäherinde ozalky Hudaýberdiýew, häzirki Atamyrat Nyýazow şaýolunyň başlanýan ýerinde "On at" adyny alan "Garaşsyzlygyň on ýyllygy" seýilgähi, Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazowyň "Altyn Asyr" seýilgähi, ondan aňry — günortalygyna uzap gidýän, çagalaryň "Ertekiler dünýäsi" seýilgähi, Berzeňňidäki "Garaşsyzlyk" seýilgähi şu günki gün aşgabatlylaryň dynç almaklary üçin söýgüli ýerlere öwrüldi.

Giňdiwar jülgesiniň eteginde gurlan "Saglyk ýolunyň", dagyň belent gerşinde gurlan asma ýoluň bolsa ähli türkmenistanlylary hem özüne çekýändigi gündelik gelip-gidýän myhmanlardan hem belli.

Aşgabadyň ýaşaýjysy, 70 ýaşly pensioner Güljahan daýzanyň aýtmagyna görä, şäherde we onuň eteklerinde gurulýan, köp zähmeti, idegi talap edýän seýilgähler gezelenç etmek üçin hernäçe özüne çekýän bolsa-da, tebigatyň emri bilen dörän bagy-bossanly, çeşme-çaýly jülgeleriň ornuny tutup bilmeýärler.

Ýüzýyllyklaryň dowamynda ilata hözir berip gelen ozalky Pöwrize häzirki Arçabil, ozalky Çüli häzirki Gökdere jülgeleri ýaz, tomus, güýz aýlary aşgabatlylaryň dynç almaklary üçin iň bir amatly hem gözel ýerler hasaplanýardy.

Maşgala bolup dag jülgelerinde çadyr gurup, gije ýatýanlaram, irden baryp baglaryň kölegelerinde düşek ýazyp, kebap bişirip, iýip-içip, dynç alyp, dag gerişlerine çykyp, hezil edinip, agşamlyk öýlerine gaýdýanlar hem ýeterlikdi. Her daban ýeriň boş bolmaýan wagtlary az däldi. Tebigatyň hakyky gözelliginden ganmagyň lezzeti hem başgaça bolýardy.

Indi Arçabil jülgesindenem, Gökdere jülgesindenem öňden ýaşap oturan ýerli ilat göçürildi. Jülgeler döwlet ýolbaşçylarynyň dynç alyş öýlerine öwrüldi. Gökderede çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň gurluşygynyň sanynyň artdyrylmagy bilen, jülgelerde dynç almaklyga hem çäklendirme girizilendigini aýdyp, Güljahan daýza ilat köpçüliginiň diňe Arçabilden däl, eýsem, onlarça kilometre uzap gidýän dynç alyş zonasyndan hem mahrum bolandyklaryny nygtady.

Görkezme ýok, emma…

Onuň gürrüň bermegine görä, ol ýerlerde dynç almagyň gadaganlygy hakda görkezme bolmasa-da, döwlet ýolbaşçylary jülgedäki obalaryň 2-3 kilometrliginden başlap, dagyň jülgesinden uzap gidýän asfalt ýoluň gyrasy bilen, çeşmäniň boýundaky gögerip oturan agaçlaryň arasyna boýy bir metre ýetýän beton diwar galdyrdypdyrlar.

Ol diwar tä Arçabil-Gökdere ýolunyň çatrygyna çenli dowam edip, ne-hä adamlara ulagly barmaga mümkinçilik berýär, ne-de arkaýyn gezelenç etmäge, dynç almaga mümkinçilik berýär. Bir tarapyň belent dag gerşi, beýleki tarapyň bolsa berk diwar. Magistral ýol bilen eýläk-beýläk ýöräp, asman gümmezine ýüzüňi tutup lezzet alaýmasaň, ol ýerde başga hezillik görmeýärsiň.

Şeýle hem, Güljahan daýzanyň aýtmagyna görä, döwlet baştutanynyň şu ýyl dynç alyş zonalarynda ilatyň dynç almaklary üçin, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryny açmak, düzgün-tertibe gözegçilik etmek üçin polisiýa işgärleriniň sanyny artdyrmagyň gerekdigi baradaky görkezmeleriniň çäginde Arçabil magistral ýolunyň bütin dowamynda her 500 metre golaý aralykdan 4-5 sany polisiýa işgäri gözegçi goýlupdyr.

"Dynç alyş günüdigine seretmezden, jülgede polisiýa işgärlerinden başga dynç alyp oturan ýekeje adama-da meniň gözüm düşmedi. Jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň hem ozaldan bar bolanlaryndan başgasynyň işläp duranyny görmedim. Iň bir gynanan zadym bolsa, ata-baba ýurt tutunyp ýaşalyp oturylan Jülge obasynyň ýerinden ýel öwüsýänligi boldy" diýip, Güljahan daýza sözüniň üstüne goşdy.

Ozalky Çüli, häzirki Gökdere jülgesinde hem çagalar sagaldyş-dynç alyş öýleriniň gurluşygynyň sanynyň artmagy bilen, ilatyň dynç almagy üçin jülgäniň bar bolan kölegeli meýdançalarynyň örän daralandygyny aýdyp, Güljahan daýza: "Ýene 2-3 ýyldan jülgede dynç alyp oturmaga daban ýer hem galmasa gerek. Çagalar üçin alada edilmegi gowy zat, emma tebigatyň eçilip beren gözelliginiň eşretinden ähli ilat deň-derejede peýdalanyp bilse, bu has dogry bolardy" diýip nygtady.

Güljahan daýza soňky ýyllar Awazada gurlan dynç alyş öýlerine dynç almaga gidýänleriň sanynyň artýandygyny aýdyp, edara-kärhanalarda işläp, ýeňillikli ýollamalar bilen gidilmedik halatynda, ýönekeý halk üçin Awazadaky gymmatbaha myhmanhanalaryň elýeter däldigini, şu sebäplere görä, ilatyň agramly böleginiň dynç almak mümkinçilikleriniň çaklenendigini hem gürrüň berdi.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG