Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkyň göwnünden turan konsert


“Melwin Williams” saz topary Aşgabatda, 24-nji iýun.
“Melwin Williams” saz topary Aşgabatda, 24-nji iýun.

24-nji iýunda paýtagt Aşgabatda ýerleşýän "Türkmenistan" kinokonsert merkezinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň "Melwin Williams" saz toparynyň konserti geçdi.

Bu konserte tomaşa etmäge isleg bildiren tomaşaçylaryň ählisi 630 orunlyk kinokonsert merkeziniň zalyna sygmady. Ýer tapylmansoň, onlarça adamlar kinokonsert merkeziniň foýesinden çykyp, öýlerine gaýtmaly boldular. Merkeziň zalynda oturmaga ýer tapmadyk tomaşaçylar, zalyň basgançaklarynda oturup ýa-da geçelgesinde dik durup konserte tomaşa etdiler.

Amerikan saz toparynyň konserti ýurtda geçirilýän beýleki çärelerden tapawutlylykda gyzykly hem-de şowhunly geçdi. Tomaşaçylar ýerlerinden turup, tans edip, aýdym aýdýardylar. Käbirleri bolsa sahnanyň golaýyna baryp tans edýärdi. Zaldaky konserte tomaşa edýänleriň arasynda tahýaly, galstukly tomaşaçylar ýokdy.

“Melwin Williams” saz topary Aşgabatda, 24-nji iýun.
ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminiň meşhur Gremmi baýragynyň 6 gezek nominanty "Melwin Williams" saz toparynyň Türkmenistana sapary barada ýaýradan press-relizinde bu toparyň repertuary barada şeýle maglumat berilýär: "Melwin Wilýams we onuň topary öz sazynda gospel afroamerikan sazynyň asyl görnüşi we onuň häzirkizaman görnüşiniň arasyndaky tapawutlary ýeňip geçmegi başardylar. Bu toparyň çalýan sazlary gospel, soul, jaz, hip-hop ýaly žanrlary we saýlanyp alnan klassyk eserleri öz içine alýar".

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň "Ýol sazlary: Amerikan sazlary daşary ýurtlarda" atly maksatnamasynyň çäklerinde bu saz topary şu ýylyň tomus aýlarynda Russiýa we Ýewraziýa boýunça giňişleýin sapary amala aşyrýar. "Melwin Williams" topary ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň her ýyl geçirýän "Amerikanyň medeniýet günleri" dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanda saparda bolýarlar" diýip, ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölüminiň işgäri Bredli Makgwaýer aýdýar.

—"Melwin Williams" topary Merkezi Aziýa we Russiýa saparlarynyň ortasynda. Biz bu toparyň Türkmenistana gelip, bize amerikan medeniýet günlerini geçirmäge kömek edýändikleri üçin örän şat. Şu hepde bu toparyň 3 sany çykyşy boldy. Şeýle-de, olar geçen agşam Amerikanyň ilçisiniň rezidensiýasynda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň güni mynasybetli kabul edişlikde çykyş etdiler. Has ähmiýetli tarapy bolsa, olar saz mekdeplerine we okuw jaýlaryna baryp, studentler we okuwçylar bilen duşuşdylar. Edil şu gün irden olar Milli konserwatoriýada boldular hem-de ol ýerdäkiler bilen duşuşdylar – diýip, Bredli Makgwaýer gürrüň berdi.

"Melwin Williams" saz topary Aşgabatdan başga-da Türkmenabatda we Daşoguzda konsert programmalary bilen çykyş etdi.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG