Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow üç sylag aldy


Gurbanguly Berdimuhamedowa baýraklar gowşurylýar, 27-nji iýun.

Gurbanguly Berdimuhamedowa baýraklar gowşurylýar, 27-nji iýun.

Türkmenistanda giňden bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli, 27-nji iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Ýerli media bu mejlisde Türkmenistanda medeniýeti ösdürmäge degişli möhüm meselelere garalandygy barada habar berse-de, ol, esasan, ýurduň prezidentiniň ýetip gelýän doglan gününi dabaralandyrmakdan ybarat boldy.

Mejlisiň barşynda Berdimuhamedow Ýol ulaglarynyň halkara birleşiginiň (International Road Transport Union) Grand Prix d'Honneur sylagy bilen, Türkiýe Respublikasynyň «Syýasat» žurnalynyň «Ýylyň demokratiýasy» hormat sylagy bilen sylaglandy. Şeýle hem ýurduň prezidenti Türk dilinde halkara medeniýet we zehin olimpiadalarynyň guramaçylyk geňeşiniň hem-de halkara türk dilini öwrediş jemgyýetiniň Atatürk adyndaky «Türk dili» sylagy bilen sylaglandy.

Medeniýet ministrligi reforma ediler

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň medeniýet ulgamyny ösdürmek barada eden çykyşynda Berdimuhamedow Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň häzirki döwürde ulalandygyny mälim etdi. Bu ministrligiň edaralarynda 16 müňden gowrak adamyň işleýändigini aýtmak bilen prezident Telewideniýe we radio gepleşikleri, kinematografiýa baradaky döwlet komitetini döretmek bilen bagly meseläniň üstünde işlemegi Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň başlygy Şadurdy Alowowa tabşyrdy.

Prezidentiň bu tabşyrygyndan görnüşine görä, ýakyn geljekde Türkmen telewideniýesiniň baş müdirliginiň Medeniýet ministrliginiň düzüminden çykarylmagyna garaşylýar. Şeýle karara gelinmeginiň sebäbi Medeniýet ministrliginiň teleradiokanallary dolandyrmakda gurbunyň çatmaýanlygy bilen düşündirilýär.

Ençeme gezek üýtgedildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ençeme gezek üýtgedilip gurlupdy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ol Medeniýet we turizm ministrligi bolupdy. 1995-nji ýylda turizm onuň düzüminden çykarylyp, medeniýet ýene aýratyn ministrlik hökmünde galdyryldy.

2003-nji ýylda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow bu iki edarany birleşdirip, täze Medeniýet we habar beriş serişdeleri ministrligini döredýär. 2004-nji ýylda hem wise-premýer, hem-de Medeniýet we habar beriş serişdeleri ministri wezipesinde oturan Gözel Nuralyýewanyň «göze düşmegi» netijesinde, bu ministrlik ýene reformirlenýär. Ministrligiň düzüminden metbugat çykarylyp, ol Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligine öwrülýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG