Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda “Talybanyň” ýokary derejeli lideri öldürildi


Pakistanda “Talybanyň” ýokary derejeli liderleriniň biri öldürildi.

Aňtaw resmileriniň berýän maglumatyna laýyklykda, “Tehrik-e-Taliban Pakistan” toparynyň lideri Şakirullah Şakira ýurduň demirgazyk-günbataryndaky barlag-gözegçilik nokadynda hüjüm edilipdir.

Adynyň tutulmagyny islemedik aňtaw gullugynyň ofiseriniň aýtmagyna görä, Şakirullah motosikl sürüp barýarka, oňa garşy aýnalary garaldylan ulagdan ot açylypdyr.

Häzire çenli Şakirullahyň garşydaş “Talyban” toparlary ýa-da Pakistanyň ýorite güýçleri tarapyndan öldürlendigi barada malumat ýok.
XS
SM
MD
LG