Sepleriň elýeterliligi

Kaddafiniň hökümeti Halkara suduň hökümini inkär etdi


Liwiýanyň hökümeti Halkara Jenaýat sudunyň Muammar Kaddafini tussag etmek barada çykaran hökümini inkär etdi.

Adalat ministri Mohammed al-Kamoodi Halkara Jenaýat suduny “üçünji dünýä döwletleriniň liderlerini ýok etmek üçin ulanylýan günbataryň serişdesi” diýip atlandyrdy.

Duşenbe güni Halkara Jenaýat sudy Liwiýanyň lideri Muammar Kaddafini tussag etmek barada höküm çykarypdy. Ol adamzada garşy jenaýat etmekde we parahat ýaşaýjylara garşy hüjüm etmeklige görkezme bermekde günäli tapyldy.

Halkara Jenaýat sudy Kaddafiniň ogly Seýf al-Islamy we ýurduň razwedka gullugynyň başlygy Abdullah al-Senussini Muammar Kaddafiniň režiminiň opponentlerini öldürmekde we olary bikanun yzarlamakda günäli tapdy hem-de olaryň ikisini-de tussag etmek barada karar çykardy.

Liwiýanyň oppozision Milli geçiş geňeşi Halkara Jenaýat sudunyň bu kararyny hoşallyk bilen garşy aldy.
XS
SM
MD
LG